YKDYSADYÝET

Geologlar birbada birnäçe ýerde gözleg işlerini alyp barýarlar

«Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň hünärmenleri häzirki
günlerde bu geljegi uly meýdançada ýene bir guýyny burawlamak işini üstünlikli
alyp barýarlar. Buraw işleri Çartak, Kölýaka, Tebigy, Demirgazyk Köseşor,
Hazarly meýdançalarynda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar.
Ozal hem hab ar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk
baýramynyň öň ýanynda müdirligiň baýlyk agtaryjylarynyň Täçmyradow
meýdançasynda burawlan guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Bu
möhüm buýurmany buraw ussalary Işanguly Mämmetgulyýew bilen Döwlet
Babagulyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlarynyň agzalary abraý bilen ýerine
ýetirdiler. Uly üstünlige tejribeli burawlaýjylar Anwar Çaryýew, Merdan
Hemraýew, burawlaýjynyň kömekçileri Ylýas Bekiýew, Seýitmyrat Mämedow,
maşinist Çary Allakow, slesar Suwhanberdi Taňryberdiýew dagy has saldamly
goşant goşdular.