Türkmenistanyň orta mekdepleriniň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda geografiýa dersi boýunça lebaply okuwçylar üstünlik gazandy.
11-nji synp boýunça Türkmenabat şäheriniň 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Arzuw Arslanowa döwlet tapgyrynda ikinji orny eýeledi. Şeýle hem Çärjew etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçylary Sewinç Rozyýewa we Nurana Çaryýewa döwlet tapgyrynda üçünji orunlary eýelediler. 12-nji synp boýunça Türkmenabat şäheriniň 28-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Göwher Setdarowa we Garabekewül etrabynyň okuwçysy Ýazgeldi Körow döwlet tapgyrynda ikinji orunlary, Farap etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Janana Bahtyýarowa hem-de Farap etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň okuwçysy Farida Jumaýewa döwlet tapgyrynda üçünji orunlary gazandylar.
Geografiýa boýunça lebaply okuwçylar döwlet tapgyrynda üstünlik gazandy
02
Apr

