Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdepde Nowruz baýramyna bagyşlanan geografiýa agşamy geçirildi.
Ony Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymlary we talyplary şu mekdebiň mugallymlary bilen bilelikde guradylar. Oňa geografiýany öwrenmäge uly islegi bolan ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar.
«Gije» we «Gündiz» diýen toparlara bölünen okuwçylar daşky gurşawy goramak, ony sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmagyň ýollary barada ýazan nutuklary, geografiýa ylmynyň täze gazananlary baradaky täzelikler bilen çykyş etdiler. Şonuň ýaly-da, berlen temalar boýunça sorag-jogap alyşdylar, tebigaty wasp edýän goşgulary we proza eserlerinden parçalary okadylar. Daşky gurşawy goramaga degişli bolan sahnajyklary görkezdiler, aýdymlary ýerine ýetirdiler. Klimatyň global üýtgemeleri, onuň netijesinde adamzadyň hojalyk işlerine ýetirilýän zyýanly täsirleri baradaky täze maglumatlaryň esasynda taýýarlanan wideo filmleri görkezdiler.
Eminleriň çözgüdi bilen «Gündiz» topary ýeňiji diýlip yglan edildi.