1985-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy her ýyluň oktýabr aýynyň ilkinji duşenbesini (06.10.2025ý.) Bütindünýä Habitat güni ýa-da Bütindünýä “ýaşaýyş jaý” güni bellenilmeli diýen karara geldi. Bu senäniň bellenilmeginiň esasy maksady – şäherleriň ýagdaýy hem-de her bir adamyň mynasyp ýaşaýyş jaýyna bolan esasy we umumy hukuklary barada pikirlenmegi, şeýle hem adamzadyň ýaşamagy üçin gurşawyň geljegi baradaky bilelikdäki jogapkärçiligi ýatlatmakdan ybaratdyr.
Bütindünýä “ýaşaýyş jaý” güni ilkinji gezek 1986-njy ýylda “Ýaşaýyş jaýy – meniň hukugym” diýen şygar astynda bellenilip geçildi. Bu çäräniň geçirilmeli ýeri üçin Naýrobi şäheri saýlanyldy.
Soňky ýyllarda geçirilen çäreler boýunça gysgaça belläp geçeliň:
– “Ýaşaýyş jaýy – jaýsyzlar üçin” (1987, Nýu-Ýork)
– “Ýaşaýyş jaýy we şäherleşme” (1990, London)
– “Şäherleriň geljegi” (1997, Bonn)
– “Howpsuz şäherler” (1998, Dubaý)
– “Şäher dolandyryşynda zenanlaryň orny” (2000, Ýamaýka)
– “Harabalyksyz şäherler” (2001, Fukuoka)
– “Şäherler üçin suw we sanitariýa” (2003, Rio-de-Žaneýro)
– “Şäherlerimiziň geljegini meýilnamalaşdyrmak” (2009, Waşington)
– “Gowy şäher – gowy durmuş” (2010)
Birleşen Milletler Guramasy bu sene bilen baglanyşykly Hormat diplomyny 1989-njy ýylda gowşurdy. Häzirki wagta çenli bu baýrak dünýäde ilatly ýerler baradaky iň abraýly sylaglaryň biri hasaplanýar.
Bu baýrak indiki ýagdaýlarda gowşurylyp bilinýär: öýsüzleriň ýagdaýyny metbugatda beýan etmek we öwrenmek, konfliktlerden soňky döwürlerde bu ýerlere ýolbaşçylyk etmek, şeýle hem ilatly ýerleriň hilini we şäherlerde ýaşaýşyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça meýilnamalaryň işlenilip düzülmegi ýaly ugurlarda uly goşant goşan başlangyçlaryň ähmiýetine baglylykda amala aşyrylýar. Bu sene adamzadyň geljekki durmuşa oňaýly gadam basmagy üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Kakamyrat ÝALKABOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Peýdalanylan edebiýat:
1. Internet saýtlary:
a) Un.org/ru/habitat-day
b) Calend.ru
c) Vsluh.ru
d) 22.rosstat.gov.ru
