Her ýylyň noýabr aýynyň 3-nji hepdesiniň çarşenbesinde Halkara geografiki maglumatlaryň ulgamy güni bellenilýär. Bu sene esasan, okuw prosesi döwründe geografiki hepdeliginiň çäginde bellenilip geçilýär. Bu senede GHU-ny döredijiler we ulanyjylar bu ulgamyň mümkinçiliklerine we netijeliligine uly baha berip, uly dabara bilen üsti doldurylýar.
Geografiki maglumatlar ulgamy – bu giňişlik – koordinirlenen maglumatlaryň ýygnalmagyny, işlenmegini (monupolirlenmegini), suratlandyrylmagyny we ýaýradylmagyny üpjün edýän aýratyn apparatly – programmaly kompleksdir. Geoinformasion sistemasynyň has wajyp funksiýalary bolup: kompýuter we sanly kartalaryny, atlaslaryny we beýleki kartografiki önümlerini düzmek (döretmek) we ulanmak meseleleri durýar. Ilkinji Geografiki maglumatlar ulgamy Kanadada, ABŞ-da we Şwesiýada XX
asyryň 60-njy ýyllarynda tebigy serişdeleri öwrenmek maksady bilen döredilýär.
Emma, häzirki döwürde senagat taýdan ösen döwletlerde ykdysadyýetde,
syýasatda, önümçüligi dolandyrmakda we tebigy resurslary goramakda, kadastr
işlerini geçirmekde, ylymda we bilimde we ş.m. pudaklarda ulanylýan müňlerçe
Geografiki maglumatlar ulgamlary bardyr.
Geografiki maglumatlar ulgamlaryny döretmekde köpsanly halkara (BMG, ÝUNESKO, Daşky gurşawy goramak boýunça programma we başga) we döwlet guramalary, ministrlikler we pudak edaralary, kartografiki, geologiki we ýer gurluşyk gulluklary, hususy firmalar, ylmy – barlag institutlary we uniwersitetleri işeňňir gatnaşýarlar. Geografiki maglumatlar ulgamlaryny işlemek üçin köp möçberdäki maliýe we pul serişdeleri goýberilýär. Işlenmäge senagatyň bütewi pudaklary gatnaşýar. Köpsanly döwletlerde geoinformasion sistemasyny we kartalaşdyrmagy awtomatlaşdyrmagy ösdürmek bilen meşgullanýan milli we sebitara guramalary döredilendir.
GMU ulgamy aşakdaky esasy pudaklarda ulanylmagy has wajyp we netijeli hasaplanýar:
– Şäher-gurluşyk taslamalarynda
– Ekologiýa we daşky gurşawy goramakda
– Jemagat hojalygynda
– Adatdan daşary ýagdaýlary göz öňüne tutulanda
– Telekeçilik işinde we beýlekilerde.
Ulanyjy pudaklar bu ulgamy awtomatiki ýagdaýda maglumatlar bazasyny yzygiderli täzeläp bilerler hem-de kompleklsli işleri bir ulgamda saklamaga gönükdirýär. GMU ulanyja giň mümkinçiliklerini hödürläp, onuň işini doly derejede kämilleşdirer hem-de ýeňilleşdirer.
Kakamyrat ÝALKABOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň geografiýa we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Peýdalanylan edebiýat:
1. M.Allakow. Kartografiýanyň esaslary. –A. Ylym, 2003.
2. Internet saýtlary:
a) i.geo-site.ru
b) infourok.ru
