BILIM

Geljekki maliýeçileriň mekdebinde baýramçylyk maslahaty geçirildi

Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy — halkymyzyň rowaçlygynyň binýady» atly baýramçylyk maslahaty geçirildi. Bu çärä welaýat prokuraturasynyň, kazyýetiniň, adalat bölüminiň we polisiýa müdirliginiň wekilleri, kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary hem-de talyplar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň Esasy Kanunynyň kämilleşdirilmegi netijesinde zähmetkeşleriň hukuklarynyň goralmagy we zähmet şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda taryhy özgertmeleriň amala aşyrylýandygy aýratyn nygtaldy.
Kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalary öz çykyşlarynda döwletimizde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgertmeleri wagyz etmekde, jemgyýetde agzybirligi, jebisligi we sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmekde şeýle çäreleriň uly ähmiýete eýedigini buýsanç bilen bellediler.