Geljekki lukmanlar tejribelik geçýärler
Şu günler Türkmenabat lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary welaýatyň hassahanalarynda we saglyk merkezlerinde döwlet amaly tejribeliginde bolýarlar. Olar şepagatçylyk işi, akuşerçilik işi, saglygy goraýyş we öňüni alyş hünärleriniň soňky ýyl talyplarydyr.
Mälim bolşy ýaly, bu orta okuw mekdebi ýurduň saglygy goraýyş ulgamy üçin hünärmenleri taýýarlaýar. Bizde talyplaryň çuňňur bilim almaklary, kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Bu iş bilen tejribeli mugallymlar höwesli meşgullanýarlar. Talyplar olaryň baştutanlygynda okuwda alan bilimlerini iş ýüzünde peýdalanmak endiklerini ele alýarlar.
Geljekki aýda olaryň ýüzden gowragy biziň mekdebi üstünlikli tamamlap, zähmet ýoluna başlar.