TÜRKMENISTAN HABARLARY

Geljek ýyl Gazagystanda türkmen medeniýetiniň Günleri geçiriler

2022-nji ýylda Gazagystanda Türkmenistanyň medeniýet Günleri geçiriler. Bu barada brifingde Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow habar berdi, diýip, «Kazinform» halkara habarlar agentligine salgylanmak bilen «turkmenportal.com» ýazýar.

Türkmen ilçisi üç ýyldan gowrak wagt bäri şeýle çäräniň geçirilmändigini belledi. Gazagystanyň Prezidentiniň Türkmenistana sapary muňa itergi beripdir. Rejepowyň aýtmagyna görä, Gazagystanyň we Türkmenistanyň medeniýet we sport ministrlikleri bu ugurdan işleri alyp barýarlar.

Ilçi indiki ýylyň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlanynyň ýubileý ýyldygyny ýatlatdy. Şu mynasybetli dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.