Türkmenistan bagtyýar çagalaryň ýurdudyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde çagalar barada bimöçber aladalar edilýär, döwletimiziň ähli künjeklerinde körpeler üçin döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglary, mekdepler, dynç alyş–sagaldyş merkezleri, seýilgähler açylyp ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, döwrebap bilim ulgamy ýaş nesliň düşünjeli bolmagyna, olaryň durmuşda öz ornuny tapmagyna, bilime yhlaslylygyna itergi berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ýaş nesil baradaky alada maşgaladan, çagalar bagyndan başlanýar.
Bilşimiz ýaly, ýaş nesliň terbiýesinde mekdebe çenli döwür möhüm orny eýeleýär. Bu döwürde çaganyň häsiýetiniň, duýgy-düşünjeleriniň, ukyp-başarnyklarynyň düýbi tutulýar. Çaga dünýä inenden, tä mekdebe barýança örän çygşyrymly, gyzykly we ähmiýetli ýoly geçýär. Çagalar bagynda körpeleri ezizläp, bilim, edep-terbiýe öwredip mekdebe taýýarlamak bolsa, terbiýeçileriň paýyna düşýär. Bu döwürde çagada duýuş, pikirleniş, sözleýiş endikleri ösýär. Bäş-alty ýaşyndaky çaga fiziki taýdan ösýär, akyl taýdan kämilleşýär. Bu ýaşda çagada aýratyn ukyp-başarnygy ýüze çykyp başlaýar. Mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň terbiýesindäki şu aýratynlyklary ata-ene, terbiýeçi hemişe gözegçilikde saklamalydyr. Ata-eneler çagany maşgalada mekdebe taýýarlamaga gözegçilik etseler, terbiýeçiler çagalar bagynda olara zerur bolan ukyp başarnyklary öwretmäge çalyşmalydyrlar.
Gahryman Arkadagymyz çaga terbiýesiniň türkmen halky üçin aýratyn ähmiýetli we asylly ýörelgä öwrülendigini belleýär we bu ugurda zerur tagallalary amala aşyrýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman hajy Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň häzirki döwürde netijeli hereket edýändigi, onuň howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn goldaw berýändigi aýratyn bellenilmeli guwançly ýagdaýdyr. Munuň özi ýurdumyzda ynsanperwer ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz döwletimizde howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek-goldaw bermek işlerine zerur üns berýändigini aýdyp, bu ynsanperwer ýörelgeleriň çaganyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmeginde aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekýär.
Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek üçin serişdeleriň bölünip berilmegi, bejergi çykdajylarynyň tölenilmegi, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän, bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin degişli lukmançylyk enjamlarynyň satyn alynmagy asylly däbe öwrüldi. Ynsanperwerlik kömeginiň diňe bir Türkmenistanyň çagalaryna däl, eýsem, köp sanly dostlukly döwletleriň çylşyrymly durmuş ýagdaýynda galan çagalaryna-da berilýändigini bellemek gerek.
Ýaş nesilleriň erkana ösmekleri, bilim-terbiýe almaklary üçin ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin. Ata Watanymyzda elmydama şadyýanja çagajyklaryň gülki sesleri ýaňlanyp dursun!
Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek üçin serişdeleriň bölünip berilmegi, bejergi çykdajylarynyň tölenilmegi, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenýän, bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin degişli lukmançylyk enjamlarynyň satyn alynmagy asylly däbe öwrüldi. Ynsanperwerlik kömeginiň diňe bir Türkmenistanyň çagalaryna däl, eýsem, köp sanly dostlukly döwletleriň çylşyrymly durmuş ýagdaýynda galan çagalaryna-da berilýändigini bellemek gerek.
Aýna ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň pedagogika fakultetiniň psihologiýa-pedagogika bilimi hünäriniň magistranty.
