BIZE YAZYARLAR

Geljegiň dowamaty, ýaşaýşyň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde çagalar barada bimöçber aladalar edilýär, döwletimiziň ähli künjeklerinde körpeler üçin döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan çagalar baglary, mekdepler, dynç alyş–sagaldyş merkezleri, seýilgähler açylyp ulanylmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwrebap bilim ulgamy ýaş nesliň düşünjeli bolmagyna, olaryň durmuşda öz ornuny tapmagyna, bilime yhlaslylygyna itergi berýär.
Mälim bolşy ýaly, ýaş nesil baradaky alada maşgaladan, çagalar bagyndan başlanýar. Çaganyň durmuşynda esasy orny onuň terbiýesi, edep-ekramy, adamkärçiligi tutýar, şonuň üçinde terbiýe hemişelik, dowamly we yzygiderli ýola goýulmaly. Çagalara edep kadalary öwredilende olaryň ýaş aýratynlyklary, bilimi, dünýägaraýyşy, ýerli şertler, psihologik hem-de umumy ösüşi göz öňünde tutulmaly. Bu meselede ata-enä, mugallyma, terbiýeçä, halk köpçüligine köp zat bagly bolup, halkyň däp-dessurlaryny, adatlaryny göwnejaý öwrenip, ondan terbiýeçilik işinde ýerlikli peýdalanmagy talap edýär. Terbiýe hakynda gürrüň edilende, ol maşgala gatnaşygyndaky edepliligi, özüňi alyp barmagyň dogry ýollaryny çaganyň zähmete we tebigata bolan gatnaşyklaryny, milli medeniýeti öz içine almak bilen ata-enä, ýaşuly nesle, mugallymlara hormat goýmagy we sarpasyny saklamagy, köpçülik ýerlerinde özüni alyp barmagyň kadalaryny öwretmeklige gönükdirilendir.


Ýaş nesliň terbiýesinde mekdebe çenli döwür möhüm orny eýeleýär. Bu döwürde çaganyň häsiýetiniň, duýgy-düşünjeleriniň, ukyp-başarnyklarynyň düýbi tutulýar. Çaga dünýä inenden, tä mekdebe barýança örän çygşyrymly, gyzykly we ähmiýetli ýoly geçýär. Çagalar bagynda körpeleri ezizläp, bilim, edep-terbiýe öwredip mekdebe taýýarlamak bolsa, terbiýeçileriň paýyna düşýär. Bu döwürde çagada duýuş, pikirleniş, sözleýiş endikleri ösýär. Bäş-alty ýaşyndaky çaga fiziki taýdan ösýär, akyl taýdan kämilleşýär. Bu ýaşda çagada aýratyn ukyp-başarnygy ýüze çykyp başlaýar. Mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň terbiýesindäki şu aýratynlyklary ata-ene, terbiýeçi hemişe gözegçilikde saklamalydyr. Ata-eneler çagany maşgalada mekdebe taýýarlamaga gözegçilik etseler, terbiýeçiler çagalar bagynda olara zerur bolan ukyp başarnyklary öwretmäge çalyşmalydyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň ertirki güni, biziň çagalarymyza berýän şu günki terbiýämize baglydyr. Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz çagalar we olara terbiýe bermek baradaky aladalaryna, ýurdumyzda döredilýän ajaýyp mümkinçiliklere jogap edip mekdebe çenli bilim edaralarynyň işgärleri çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin, yhlasly zähmet çekmelidirler. Bu günki asylly terbiýe ertirki eşretli durmuşyň kepilidir.

Güljan BEGMYRADOWA,
Garabekewül etrabyndaky 9-njy çagalar bakja-bagynyň saz ýolbaşçysy.