YKDYSADYÝET

«Geljege rowaç» hususy kärhanasy önümlerini daşary ýurtlara iberýär

Saýat etrabynda hereket edýän «Geljege rowaç» hususy kärhanasynda ýylyň başyndan bäri plastmassa asgyçlarynyň  337 müň 400 sanysy öndürildi.

Olaryň ýarysy, has takygy, 176 müň 750 sanysy, daşary ýurtlara eksport edildi. Geýim asmak üçin niýetlenen asgyçlaryň köp bölegini Azerbaýjanly işewürler satyn aldylar. Bu ýurda önümiň 150 müň 500 sanysy iberildi. 26 müň 250 sanysy bolsa Özbegistana ugradyldy.

Kärhananyň önümi ýurduň içinde hem uly islegden peýdalanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: