BIZE YAZYARLAR

Geljege gadam. Ýaş sazandalaryň döredijilik dünýäsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine ynamly gadam basýar. Milli medeniýetimize, saz sungatymyza we taryhy gymmatlyklarymyza goýulýan sarpa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Sebäbi medeniýet-halkyň kalby, onuň ruhy dünýäsidir. Ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly we milli ruhda terbiýelenmegi üçin edilýän aladalar öz miwesini berýär. Muňa ýakynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň mugallymlarynyň we talyplarynyň taýýarlan ajaýyp konserti hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Konsertiň dabaraly başlangyjy türkmen simfonizminiň düýbüni tutujylaryň biri Ç. Nurymowyň “Zary bilen ” atly eseri bilen açyldy. Eseriň çuňňur lirikasyny “Aýdym aýtmak” sungaty bölüminiň mugallymy Atajan Hemraýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Oňa “Fortepiano” bölüminiň IV ýyl talyby Bahar Jumaýewa sazandarlyk etdi. Bu täsirli çykyşyň professional derejede taýýarlanmagynda we talybyň sazandarlyk ussatlygynyň kemala gelmeginde mugallym Gülşat Akyýewanyň siňdiren yhlasynyň ajaýyp miwesidir.
Soňra wena nusgawy mekdebiniň görnükli wekili Ý.Gaýdnyň “Sonata №60” (C-dur) tonallygyndaky eseriniň I-bölümi ýaňlandy. Bu çylşyrymly eseri bölümiň III ýyl talyby Sähra Joraýewa ýerine ýetirip, mugallym L. Koşelewanyň talyp bilen geçiren netijeli işi sonatanyň klassiki takyklygynda we nepis owazlarynda öz beýanyny tapdy.
Konsert maksatnamasynyň dowamynda IV ýyl talyby Nurjemal Jumanazarowa özüniň sazandarlyk ussatlygyny iki dürli žanrda aýdyň görkezmegi başardy. Ol ilki bilen N. Halmammedowyň “Artygyň aýdymy” eserinde “Aýdym aýtmak” sungaty bölüminiň mugallymy Atajan Hemraýewiň ýerine ýetirijiligini baýlaşdyran bolsa, Ş. Brakkonyň “Konsert serenadasy” eserini “Aýdym aýtmak” sungaty bölüminiň mugallymy Ruhiýa Hakimowa bilen bilelikde ýokary tehniki sazlaşykda we inçe romans häsiýetinde diňleýjilere ýetirdi. Mugallym Aziza Arslanowanyň ýolbaşçylygynda taýýarlanan bu çykyşlar, sazandanyň solistler bilen kämil sazlaşygyny we eserleriň içki many-mazmunyny açyp görkezmekdäki professional başarnygyny subut etdi.
Maksatnamanyň indiki täsirli pursady III ýyl talyby Bägül Şageldiýewanyň (mugallymy Aziza Arslanowa) çykyşy boldy. Ol dünýä we milli saz sungatynyň gymmatlyklaryny sazlaşykly utgaşdyryp, W.A.Mosartyň № 8 sonatasynda (a-moll) tonallygyndaky nusgawy sazyň pelsepewi takyklygyny saklady, Ç.Nurymowyň “Ekspromt-fantaziýasynda ” bolsa milli ritmleriniň döwrebap gurluşyny uly joşgun bilen beýan etdi. Mugallymyň talyba bolan mähirli çemeleşmesi we profesional talap edijiligi netijesinde talyp sahnada özüni ynamly duýmagy we eserleriň ruhy dünýäsini diňleýjilere ýokary derejede ýetirmegi başardy.
Häzirki zaman türkmen sazynyň iň naýbaşy nusgalarynyň biri bolan D. Hydyrowyň “Akja bulutlar” eserini “Aýdym aýtmak” sungaty bölüminiň III-ýyl talyby Örejemal Nepesowa we sazanda Sähra Joraýewa ýokary çeperçilik bilen ýerine ýetirdiler. Bu şahyrana çykyşyň professional derejede kemala gelmeginde mugallym Leýla Haidowanyň siňdiren hünär zähmeti örän uludyr.
Konsert maksatnamasynyň dowamynda dünýä saz medeniýetiniň iki dürli eýýamy ýüzbe-ýüz boldy: IV ýyl talyby Gözel Eşgeldiýewa I.S.Bahyň “Prelýudiýa we fuga” (gis-moll) tonallygyndaky eseriniň çylşyrymly polifoniýasyny we K.Debýussiniň “Arabeska №1” eseriniň näzik impressionizmini ussatlyk bilen utgaşdyrdy. Mugallymy Ajap Ilowanyň her bir taryhy döwrüň saz aýratynlyklaryny talybyň aňyna professional derejede siňdirmegi, bu çykyşyň kämil bolmagyna şert döretdi. Mundan başga-da L.W.Bethoweniň №5 sonatasynyň (F-dur) tonallygyndaky joşgunly owazlarynda mugallym bilen talybyň döredijilikli sazlaşygy aýratyn ünsi çekdi. “Kirişli saz gurallary” bölüminiň mugallymy Merdan Çaryýewiň skripkadaky ussatlygyna IV-ýyl talyby Bahar Jumaýewa fortepianoda kämil sazandarlyk etdi. Bu ýerde mugallym Rano Täjihalowanyň ansambl sungatynyň inçeliklerini öwretmekdäki metodiki zähmeti uly ähmiýete eýe boldy.
Milli ritmlere we döwrebap garmoniýalara baý bolan Meret Annamyradowyň “Tokkata” eseri IV ýyl talyby Göwher Babaýewanyň ýerine ýetirmeginde dabaralandy. Mugallym Leýla Haidowanyň talybyň tehniki mümkinçiliklerini dogry ugra gönükdirip, çylşyrymly ritmik gurluşlary professional derejede özleşdirmekde çeken yhlasy özüniň oňyn miwesini berdi.
Konsertiň dowamynda dünýä saz sungatynyň merjeni hasaplanýan F. Mendelsonyň “Rondo-kapriççioza” eseri aýratyn öwüşgin bilen ýaňlandy. Bu çylşyrymly we wirtuoz eseri IV ýyl talyby Bahar Jumaýewa uly ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Talybyň sahnadaky bu ynamly çykyşynyň arkasynda mugallym Gülşat Akyýewanyň netijeli metodiki zähmeti we döredijilikli gözlegleri durýar. Mugallymyň talybyň tehniki mümkinçiliklerini dogry ugra gönükdirip, eseriň şadyýan hem-de çalt üýtgeýän häsiýetini professional derejede özleşdirmekde çeken yhlasy diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Konsertiň ahyrynda dünýä we milli saz sungatynyň nepis nusgalary täzeden-täze öwüşginler bilen dabaralandy. K.Debýussiniň “Prelýudiýa №1” eserini IV ýyl talyby Nurjemal Jumanazarowa mugallym D. Awanesowanyň ýolbaşçylygynda şowly ýerine ýetirdi. Şeýle hem “Aýdym aýtmak” sungaty bölüminiň mugallymy Ruhiýa Hakimowa we III ýyl talyby Kamila Şirnazarowa türkmen zenan kompozitory Jeren Gurbangylyjowanyň “Seni ýatlap” diýen mähirli owazyny diňleýjilere ýetirdiler. Bu çykyşyň belent derejesi Aziza Arslanowanyň talyplaryň çeperçilik başarnygyny ösdürmekde siňdiren yzygiderli zähmetiniň netijesidir.
Konsert maksatnamasynyň jemleýji nokady hökmünde N.Halmammedowyň “Dutaryň owazy” eserini hem-de dünýä sazynyň iň çylşyrymly we dramatik eserleriniň biri bolan F.Şopeniň “Skerso №1” (h-moll) tonallygyndaky eseri ýerine ýetirildi. Talybyň ynamly we wirtuoz çykyşy konserti dabaraly jemledi. Bu üstünlik mugallym Rano Täjihalowanyň talybyň ukubyny taplamakda çeken uly zähmetiniň miwesidir.
Ýurdumyzda ýaş sazandalar üçin döredilýän mümkinçilikler we mugallymlaryň çäksiz zähmeti özboluşly bir sungat mekdebini emele getirýär. Türkmen we dünýä nusgawy sazynyň sazlaşygynda kemala gelýän bu ýaşlar geljekde türkmen sungatynyň adyny dünýä ýüzüne dabaralandyrjak hünärmenlerdir. Milli medeniýetimiziň we saz sungatymyzyň hossary bolan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, umumyadamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! Goý, bagtyýar zamanamyzyň aýdym-sazy baky ýaňlansyn!

Gülşat AKYÝEWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Fortepiano” bölüminiň mugallymy.