BIZE YAZYARLAR

Geldi Nowruz äleme

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel görki gül açýan eziz diýarymyz gün-günden ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz adamzat ösüşiniň belentliklerine tarap uly ynam, buýsanç bilen barýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan ýylda eşretli durmuşyň hözirini görýän halkymyzyň her bir güni şowhunly, şatlykly toýlara beslenýär, baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär.

Pasyllaryň soltany bolan baharyň gelmegi bilen tutuş tebigat janlanýar. Ajaýyp dünýäli bahar nurana baýramlaryň biri bolan Nowruz baýramynyň gelendigini buşlap, kalbymyzy iň gowy duýgulara besleýär. Bereketli türkmen topragynda ýylyň her bir pasly özüniň özboluşly owadanlygy, gaýtalanmajak gözellikleri bilen gelýär. Nowruzyň gelmegi bilen howa maýlaýar, tebigat ajaýyp görnüşe girýär.

“Nowruz” sözi täze gün diýmegi aňladýar. Bu täze ýylyň başlangyjydyr. Ol gije bilen gündiziň deňleşýän wagtyna gabat gelýär. Öz näzik duýgularyny, süýji arzuw-hyýallaryny ýüreginde saklaýan gyzlar üçin bolsa nowruz gijesi aýratyn bir jadyly güýje eýe bolupdyr.

Nowruzda her bir öýde saçaklar giňden ýazylyp, türkmeniň datly milli tagamlary taýýarlanylýar. Semeni bolsa bu baýramçylygyň iň naýbaşy tagamlarynyň biridir. Sebäbi semeni bu baýramçylykda esasy we hökmany  taýýarlanylýan tagam bolup, ol baýramçylyk saçagynyň özboluşly bezegidir. Semeni diňe bir saçagyň bezegi bolman, eýsem, bol hasyllylygyň hem alamatydyr.

Goý, Milli bahar baýramy halkymyza, bütin dünýä şatlyk, üstünlik we bolçulyk getirisin!

Zakirowa Dünýägözel

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: