DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Geçmişden gelen hat geljegi hakyky suratlandyrypdyr

Britaniýanyň Kembrijşip graflygynyň Piterboro şäherinde ýaşaýan mebelleri dikeldiji 67 ýaşly Piter Bekerton fewralyň başynda daşyny çalyşmak üçin getirilen diwanyň içinden üýtgeşik zat tapypdyr. Bu barada «mail.ru» ýazýar.
Diwandan ol 11 ýaşly mekdep okuwçysynyň düýnäniň geljegini aýdan ýazgyly mekdep depderini tapypdyr. Düzme 1969-njy ýylyň 23-nji fewralynda ýazylan eken. Okuwçy onda 1980-nji ýylda boljak zatlary ýazypdyr.
Tehnologiýanyň ösüşi barada oýlanmak bilen, mekdep okuwçysy soňundan dogry çykan çaklamalary aýdypdyr (ýöne olar ep-esli wagt soň boldy). Mysal üçin, gyzjagaz söhbetdeşiňi görüp gepleşip boljak ekranly telefonlaryň çykaryljakdygyny aýdypdyr.
Gyzjagaz ýene-de ullakan göwrümlilerine derek ýuka ekranly telewizorlaryň peýda boljakdygyny, ýeriňden turman, diwanyň tirsekliginde oturylan düwmejikleri basyp, onuň kanallaryny geçirip boljakdygy barada ýazypdyr.
Gyzjagaz gapylaryny uzak aralykdan düwmejikleriň kömegi bilen açyp boljak akylly öýleriň guruljakdygy barada hem ýazypdyr.

Leave a Reply