YKDYSADYÝET

Geçen ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanda ýükleri daşamyň meýilnamasy artygy bilen berjaý edildi

Ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýükleri daşamak boýunça meýilnama 112,8 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama 107,1 göterim ýerine ýetirildi, diýlip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 11-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde habar berildi.

«Türkmendemirýollary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 119,2 göterime deň boldy. Demir ýol ulagynda daşary ýurtlara ugradylan ýükler 138,7 göterim, ýurdumyza getirilen ýükler 126,1 göterim we ýurdumyzdan üstaşyr geçirilen ýükler 166,2 göterim artdy.

«Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 142,3 göterime deň boldy. 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyza gelen daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň möçberi 207,6 göterime, türkmen awtoulag serişdeleriniň daşary ýurtlara çykarylan möçberiniň ösüş depgini 163,5 göterime barabar boldy.

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça hasabat döwründe ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça 103,4 göterim ösüş depgini, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen daşary ýurtlara ýükleri ugratmak boýunça 110,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: