TÜRKMENISTAN HABARLARY

Geçen ýyl Türkmenistanda tölegler wagtynda maliýeleşdirildi

Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna iri we orta kärhanalarda işgärleriň ortaça aýlyk zähmet hakynyň ýokarlanandygy barada maglumat berildi. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2025-nji ýylda ortaça aýlyk zähmet haky 11,9 göterim ýokarlandy.
Şeýle-de hasabat döwründe zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň öz wagtynda maliýeleşdirilendigi aýratyn bellenildi. Bu ýagdaý döwlet tarapyndan sosial borçnamalaryň yzygiderli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.
Netijeler ilatyň girdejilerini artdyrmak hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň dowamly häsiýete eýedigini tassyklaýar.