TÜRKMENISTAN HABARLARY

Geçen ýyl Türkmenistanda maýa goýumlaryň möçberi JIÖ-niň 16,6 göterimine deň boldy

2025-nji ýylda milli ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 6 göterim artdy. Şeýle maýa goýumlaryň jemi içerki önümiň 16,6 göterimine deň bolandygy Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berildi.
Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,1 göterimi önümçilik maksatly, 50,9 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalara gönükdirildi. Bu paýlanyş döwlet syýasatynda önümçilik bilen jemgyýetçilik-durmuş desgalarynyň deň derejede ösdürilýändigini görkezýär.
Şeýle-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler boýunça degişli maglumatlar hem hasabatda beýan edildi.