Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow Hökümetiň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanyna 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hasabatda 2025-nji ýylda 76 milliard 527,1 million kub metr tebigy gaz hem-de 8 million 382,3 müň tonna nebit çykarylandygy görkezildi.
Bu görkezijiler ýurduň ýangyç-energetika toplumynyň mümkinçilikleriniň möhüm bölegini düzýär. Şeýle möçberler energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga hem-de eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge hyzmat edýär.
Hasabatda energiýa serişdeleriniň çykarylyşynyň ykdysady ösüşiň möhüm daýançlarynyň biri bolup galýandygy aýratyn bellenildi.
Geçen ýyl Türkmenistanda çykarylan gaz 76 milliard kub metrden, nebit 8,3 müň tonnadan geçdi
16
Feb

