YKDYSADYÝET

Geçen ýyl Türkmenistan Gruziýanyň uçar ýangyjyna bolan talabynyň 60%-ni ödedi

Geçen ýyl Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän toplumy Gruziýa uçar ýangyjyny ibermek boýunça lider boldy. Gruziýanyň nebit önümlerini import edijileriniň Birleşmesiniň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan bu ýurduň uçar ýangyjyna bolan talabynyň 60%-nji ýapypdyr. Bu barada Gruziýanyň nebit önümlerini import edijileriniň Birleşmesine salgylanmak bilen, Gruziýanyň «Report» býurosy habar berýär, diýip, «centralasia.news» ýazýar.

Berilen maglumatlara laýyklykda, Gruziýa Respublikasyna Türkmenistandan 57,7 müň tonna uçar ýangyjy import edilipdir.

Şonuň ýaly-da, Türkmenistan Gruziýa benzin we dizel ýangyjyny ibermek boýunça hem liderdir. 2021-nji ýylda gruziýaly hyzmatdaşlar 244601 tonna dizel ýangyjyny we benzin satyn aldylar. Bu ýurda import edilýän nebit önümleriniň dörtden bir bölegini düzýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: