YKDYSADYÝET

Geçen ýyl Türkmenabatda 184 müň tonnadan gowrak kükürt kislotasy öndürildi

Amyderýanyň sag kenaryndaky gazy gaýtadan işleýän Samandepe, Ýaşyldepe
meýdançalarynda ýeriň aşagyndan tebigy gaz bilen ýokary çykýan sary kükürdiň uly gorlarynyň emele gelmegi Türkmenabadyň himiýa kärhanasynda ýene-de bir täze önümçiligiň döremegine sebäp boldy.
2024-nji ýyl bu kärhanada öndürilen kükürt kislotasynyň möçberi has-da artyp, ol 184,1 müň tonna barabar boldy.
Kärhananyň kükürt kislotasyny daşamak üçin ýörite demir ýol çeleklerini edinmegi bolsa geljekde bu önümi daşarky bazara çykarmaga-da mümkinçilik berýär.