JEMGYÝET

Geçen ýyl meýilnamasyny 130 göterim berjaý eden hojalyk ýene ýaz ekişine taýýarlanýar

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň «Güneş» daýhan birleşiginde bugdaý meýdanlaryna ideg etmek we ýerleri gowaça ekişine taýýarlamak işleri dowam edýär. Hojalyk geçen ýyl döwlete azyklyk bugdaý tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamasyny 130 göterim ýerine ýetirdi. Birleşikde bugdaý ekilen 308 gektar meýdanda gögeriş alnyp, häzirki wagtda ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we suwarmak işleri geçirilýär.
Daýhan birleşigine Şöhrat Seýtiýew ýolbaşçylyk edýär. Hojalykda gallaçy kärendeçileriň 34-si we pagtaçy kärendeçileriň 22-si zähmet çekýär. Kärendeçiler geçen ýyl bugdaý meýdanlarynda her gektardan 50–60 sentner hasyl alyp, döwlet tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle hem pagtaçylar welaýatda ilkinji bolup pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirdiler. Döwletgeldi Allakow 15,5 gektar meýdanda bugdaýdyr gowaça ekip, geçen ýyl gowaçanyň her gektarynyň hasyllylygyny 29 sentnere ýetirdi.