TÜRKMENISTAN HABARLARY

Geçen ýyl Lebap welaýatynda 40 kilometre golaý gaz geçirijileri çekildi

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda Lebap welaýatynyň ilatly ýerleri gazlaşdyryldy. Şonuň netijesinde iň çetki obalara-da gaz geçirijiler çekildi. Şeýle işleriň dowam etmegi täze peýda bolýan obalarda we şäherçelerde üstünlikli dowam edýär. Hut geçen ýylda döwletiň düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna umumy uzynlygy 39,2 kilometrden hem gowrak bolan gaz geçirijileri çekildi. Gurluşyk-gurnama işlerini «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň gazlaşdyrmak boýunça gurluşyk-gurnama müdirliginiň Lebap welaýat ülşüniň başarjaň gurluşykçylary ýokary hilli ýerine ýetirdiler. Şonuň netijesinde bagtyýar ildeşlerimiziň maşgalalarynyň ýüzlerçesiniň ojaklarynda «mawy ýangyç» alawlap ugrady. Şeýle durmuşy eşretden Dänew etrabynyň Baragyz geňeşliginiň Gum obasynyň ilaty hem peýdalanyp başlady. Bu ýerde uzynlygy 3 kilometrden gowrak bolan pes basyşly gaz geçirijisi çekildi. Gum obasynda ýaş maşgalalar özlerine bölünip berlen mellek ýerlerinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurýarlar. Döwlet tarapyndan bolsa olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda netijeli çäreler görülýär. Täze başlanan ýylyň ilkinji günlerinden ilatly ýerlere tebigy gaz geçirmek işlerine giň gerim berlip başlandy. Zerur gurluşyk serişdeleriniň ýeterlik möçberde bolmagy gurluşykçylara işleri depginli alyp barmaga mümkinçilik berýär.