YKDYSADYÝET

Geçen ýyl Lebabyň ykdysadyýetine näçe möçberde maýanyň goýberilendigi mälim boldy

2024-nji ýylda Lebap welaýaty boýunça esasy serişdelere gönükdirilen döwletiň düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 1 milliard 498,7 million manada barabar boldy we ol öňki ýyl bilen deňeşdirilende 103,7 göterime deň boldy. Olardan 726 million manady (maýa goýumlarynyň umumy möçberiniň 48,4
göterimi) önümçilik maksatly desgalara gönükdirildi. Medeni-durmuş maksatly desgalarda özleşdirilen döwletiň maýa goýumlarynyň möçberi bolsa 772,7 million manada barabar boldy.
Hasabat döwründe özleşdirilen döwletiň maýa goýumlarynyň düzüminde gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 972,5 million manada deň bolup, özleşdirilen döwlet maýa goýumlarynyň 64,9 göterimine barabar boldy. Geçen ýylda öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu ugra gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 3,7 göterim artdy. Medeni-durmuş maksatly desgalarda özleşdirilen döwletiň maýa goýumlarynyň möçberiniň 94,4 göterimi gurluşyk-gurnama işlerinden ybarat boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: