GDA-nyň başlyklygy Täjigistana geçdi
Täjigistan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna
başlyklyk edip başlady. Ol bu guramaçylyk işini Russiýadan kabul edip aldy.
Moskwada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde eden çykyşynda
Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon başlyklyk edýän döwründe esasy
wezipeleriniň biriniň Arkalaşygyň işlerini kämilleşdirmekden ybarat boljakdygyny belledi. Şeýle hem ol Täjigistanyň GDA agza döwletleriň arasynda howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla ediljekdigini aýtdy.