TÜRKMENISTAN HABARLARY

GDA-nyň 2026-njy ýyldaky sammitiniň geçiriljek ýeri we senesi kesgitlenildi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, GDA-nyň sammiti 2026-njy ýylyň 9-njy oktýabrynda Türkmenistanda geçiriler. Türkmen tarapy sammiti iri halkara forumlary geçirmek üçin zerur şertler döredilen Awaza milli syýahatçylyk zolagynda guramagy meýilleşdirýär. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedow, Walentina Matwiýenko bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde habar berdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde zenanlaryň dialogyny, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisini hem-de demografiýa meseleleri boýunça maslahaty geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy nygtaldy. Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy arasynda döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi bellenildi, iki ýurduň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berildi we geljekde hem hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigi tassyklanyldy.