- ESASY HABARLAR, SYÝASAT

GDA döwletleriniň baştutanlary möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilişine görä, oňa Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti I.Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti A.Lukaşenko, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri N.Paşinýan, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žeyenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti I.Dodon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoew, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedow, şeýle hem GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji direktory S.Lebedew dagylar bu sammitiň işine gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanlarynyň mejlisiniň dar düzümdäki gepleşiklerinde gatnaşyjylar GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has ýokary basgançaklara ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki işleriň alnyp barşyna ýokary baha berdiler. Şu ýyl Türkmenistanyň GDA-nyň başlygy bolmak bilen gazanan üstünliklerini bellediler. Giň düzümde geçirilen mejlisde gatnaşyjylar syýasy, ykdysady we ynsanperwerlik ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 75 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek meselesine aýratyn seredildi. Soňra taraplar söwda-ykdysady we hukuk esasly, harby-tehniki hyzmatdaşlygy, şeýle-de diňe bir GDA-nyň çäklerinde däl-de, eýsem, bütin dünýäde durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak babatynda alnyp barylýan işleri aýratyn belläp geçdiler. Mejlise gatnaşyjylar ähmiýetli netijeleri gazanmak üçin halkara guramalary we sebitleýin birleşmeleri bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini tassykladylar.

Mejlisiň ahyrynda taraplar «2020-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakynda» we «Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek hakynda» kararnamalara gol çekdiler hem-de «GDA gatnaşyjy döwletleriň strategiki ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky jarnamasyny» we «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk Urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen bagly Arkalaşygyň ýurtlarynyň halklaryna we dünýä jemgyýetçiligine GDA gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň Ýüzlenmesini» kabul etdiler.