MEDENIÝET

Gazuw-barlag işlerine badalga berildi

Daşoguzyň «Kerwensaraý» ýadygärliginde arheologik gazuw-barlag işleriniň güýzki möwsümine badalga berildi.

Gazuw-barlag işi häzirki wagtda «Kerwensaraý» ýadygärliginiň günorta-günbatar çäginde, 140 inedördül metr meýdanda täze aýan edilen eýwanyň günorta tarapynda alnyp barylýar. Oňa «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hem-de goraghananyň ýanyndaky Ylmy-rejeleýiş önümçilik ussahanasynyň hünärmenleri gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan gazuw-barlag işinde tapylan tapyndylary arassalamak, olara san belgilerini goýmak, olary surata düşürmek, gysga suratlandyrmak hem-de ýelmemek işleri yzygiderli dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: