Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň ýaşaýjysy 22 ýaşly Allaberdi Umarow Russiýa Federasiýasynyň Belgorod şäheriniň W.G.Şuhow adyndaky Döwlet tehnologiýa uniwersitetinde her ýyl geçirilýän uniwersitet derejesindäki “Ýylyň talyby-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. “Aýratyn bellenilmeli tarapy, uniwersitetiň taryhynda ilkinji gezek daşary ýurtly talyp şeýle sylaga laýyk görüldi” diýip, uniwersitetiň öz resmi saýtynda habar berilýär.
Bäsleşik dört tapgyr boýunça 16 müň talybyň arasynda geçirildi. Jemleýji final tapgyryna 4 oglan we 6 gyz gatnaşdy. Uniwersitetiň rektorynyň, ýolbaşçy düzümleriniň, emin agzalarynyň we birnäçe talyplaryň öňünde Allaberdi aljyramazdan ýokary netijeleri görkezip, iň köp utuk toplamagy başardy.
“16 müň talybyň arasynda bäsleşige gatnaşsam hem bolýar diýip arzuw edipdim, emma ýeňiji bolmak bagty miýesser etdi” diýip ýeňiji Allaberdi Umarow öz sosial mediadaky sahypalarynda belleýär.
Gazojakly talyp Russiýada «Ýylyň talyby ― 2025» baýragynyň ýeňijisi boldy
24
Nov
