YKDYSADYÝET

Gazagystan türkmen tebigy gazynyň importynyň möçberini artdyrmaga gyzyklanma bildirýär

«QazaqGaz» bilen «Türkmengaz» türkmen tebigy gazyny Gazagystana import etmek boýunça uzak wagtlaýyn şertnama gol çekişendikleri barada saýty Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp, «Atavatan-turkmenistan»  habar berýär.

Onda Gazagystanyň tebigy gazyň ýyllyk import möçberini 1,5 milliard kub metre çenli artdyrmaga gyzyklanma bildirýändigi aýdylýar.

Bu şertnama Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 15 oktýabrda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary wagtynda gol çekildi.

Şeýle hem, geljekde gazak bugdaýyny türkmen bazaryna eksport etmek hem-de türkmen-owgan serhedinde däne terminalyny gurmak meselesine hem seredilendigi barada hem aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: