Gazagystan TOPH taslamasyna gatnaşmaga taýýar
Gazagystan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň gurluşygyna gatnaşmak üçin gepleşikler alyp barýar. Bu barada Almaty şäherinde geçirilen “Gazagystan-Owganystan” işewürler forumynda Gazagystanyň energetika ministriniň orunbasary Erlan Akkenžanow habar berdi.
– Uglewodorod serişdeleriniň eksporty we üstaşyr geçirilmegi babatdaky mümkinçilikler ösdürilýär. Merkezi Aziýa sebitinde goňşy döwletlerde tebigy gazyň üstaşyr iberilmegi üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi taslamasy munuň aýdyň mysalydyr. Gazka tarapy bu gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýär – diýip, wise-ministr Akkenžanow belledi.
Onuň bellemegine görä, Gazagystan bu ugurda türkmen tarapy bilen gepleşikler geçirýär.