BIZE YAZYARLAR

Gaz senagatyny ösdürmekligiň möhüm ugurlary

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde öňdebaryjy dünýä tehnologiýalaryna, ýokary öndürijilikli innowasiýalara esaslanýan önümçilik kärhanalary, durmuş maksatly desgalar köpçülikleýin esasda gurlup ulanyşa girizilýär. Dünýä ykdysadyýetinde häzirki döwürde emele gelen çylşyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetiň önümçilik kuwwaty artyp, ýylda 6 göterimden ýokary ösüş depgini gazanylýar.

Milli ykdysadyýetde gazanylýan üstünlikleriň hatarynda gaz senagatyny ösdürmekde ýetilen sepgitler barada aýratyn belläp geçmek gerek. Pudagyň çig mal binýady bolup durýan tebigy gaz häzirki wagtda energiýa serişdeleriniň möhüm çeşmeleriniň biridir. Beýleki energiýa çeşmeleri bilen deňeşdirilende, tebigy gaz birnäçe artykmaçlyklara eýedir. Şunuň bilen birlikde, gaz senagaty jemgyýetiň ösüşine, ykdysadyýetiň tehnologik düzüminiň özgermegine, ylmy-tehniki öňegidişligiň has-da tijenmegine, ilatyň girdejileriniň artmagyna, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna täsir edýän möhüm faktorlaryň biri bolup durýar. Şeýle hem tebigy gazy eksport etmekden gelip gowuşýan serişdeler salgytlar görnüşinde döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmakda möhüm orun tutýar.

Alymlaryň belleýşi ýaly, gaz senagatynyň döreýiş taryhy boýunça tebigy gazy gazyp almaklygyň senagat tehnologiýasy mundan ýüz ýyl töweregi ozal döräpdir. Dünýä boýunça 1920-nji ýyla çenli tebigy gaz senagatda az mukdarda ulanylypdyr. Has giçki döwürde bu gymmatly çig mal durmuşda we senagatda diňe ýangyç hökmünde däl-de, eýsem nebitli gatlaklaryň nebit berijiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem gaýtadan işlemek üçin ulanylyp başlanypdyr. 1950-nji ýyllardan başlap dünýä boýunça tebigy gazyň çykarylyşy ýokary depginler bilen artypdyr. Munuň özi tebigy gaza bolan islegiň yzygiderli ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr.

1966-njy ýylda ýurdumyzda gaz senagatynyň işini düzgünleşdirýän ýörite kärhana döredilipdir. Şol sebäpden 1966-njy ýyl Türkmenistanda gaz senagatynyň düýbi tutulan senesi hökmünde ykrar edilýär, ýagny şol ýyl Ojak gaz käni işe girizilipdir. Netijede, Türkmenistanda tebigy gazyň çykarylyşy düýpli artýar. Şunlukda, 1968-nji ýylda Türkmenistanda çykarylýan gazyň 97%-den gowragy Ojak gaz käniniň paýyna düşüpdir. Türkmenistanda Ojak gaz käniniň işe girizilmegi gaz senagatynyň düýbüniň tutulmagyna getiripdir. Şundan soň ýurdumyzda tebigy gazyň gazylyp alnyşy has ýokary depginler bilen artyp başlaýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gaz senagaty ösüşiň täze ýoluna gadam basdy. Ykdysady ösüşde bazar gatnaşyklaryny ýola goýmakda, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmakda we daşary söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda belli bir kynçylyklaryň bolanlygyna garamazdan, ýurdumyzyň içerki maýa goýumlaryny, şeýle hem iri halkara maýadarlarynyň serişdelerini milli gaz senagatyny ösdürmeklige gönükdirip, bu pudagyň ygtybarly hem durnukly ösüşini üpjün etmeklik başartdy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda 1,8 trln. m3-den gowrak, ýa-da orta hasap bilen her ýylda 60 mlrd. m3-den gowrak tebigy gaz gazylyp alyndy. Munuň özi ýurdumyzda gaz senagatyny ösdürmekde ýetilen uly sepgitleriň biridir.

2009-njy ýylyň dekabr aýynda Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi işe girizildi. Bu taryhy we ägirt uly ykdysady ähmiýetli gaz geçirijisine Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz özüniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda: “Dünýäde iri gaz geçiriji bolan Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisi, çeper manyda teswirlenende, ýurtlaryň hem-de halklaryň dostlugyny pugtalandyryp, döwrebap şertlerde, ýokary derejeli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda täzeden dörän Beýik Ýüpek ýoludyr. Şeýle hem dünýäniň bu iri gaz magistraly ýurtlaryň birnäçesiniň çäginden geçip, energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşýanlaryň ählisiniň öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň, sarp edijileriň isleglerini öwrenmeklerinde hem bähbitli bolup, munuň özi iri sebitleriň gülläp ösüşiniň hem-de durnuklylygynyň pugtalanmagyna itergi berýär” diýip baha berýär. Şondan soň gaz senagaty pudagynda gurluşyk işleriniň gerimi has hem giňelip, pudagyň ýokary ösüş depgini üpjün edildi.

2015-nji ýylda “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi işe girizildi. Bu gaz geçirijisi ýurdumyzyň ähli gaz geçirijilerini bir bitewi ulgama birleşdirmeklige, netijede ýurdumyzyň gündogar böleginde ýerleşýän “Döwletabat”, “Ýaşlar” we “Galkynyş” iri gaz ýataklarynyň tebigy gazyny Balkan welaýatyna akdyrmaklyga mümkinçilik berdi. Geljekde “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisi arkaly türkmen gazyny Hazar deňziniň üsti bilen dünýä bazarlaryna çykarmak mümkinçiligi dörär. 2018-nji ýylda Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän, 2019-njy ýylda Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýänkärhanalaryň gurluşygy tamamlandy we olar işe girizildi. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli gaz senagatynyň döwrebap pudak infrastrukturasy kemala geldi we ösüşiň belli bir tapgyrlaryny geçip, iň kämil önümçilik tehnologiýalaryna esaslanýan, öndürýän önümleri bilen dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, döwrebap senagat pudagyna öwrüldi.

Ýurdumyzda gaz senagatyny ösdürmegiň mümkinçilikleri örän uludyr. Şonuň üçin bu pudak milli ykdysadyýetiň strategik ähmiýetli pudaklarynyň biridir. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdy-sady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” milli gaz senagatyny ösdürmeklige uly orun berilýär. Ýurdumyzyň uzak we orta möhletli ösüşiniň strategik ugurlaryny kesgitleýän maksatnamalarda we hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynda gaz senagatynyň geljegi bilen bagly birnäçe strategik ähmiýetli ugurlar kesgitlenilendir.

Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatyna laýyklykda, gaz senagatyny ösdürmekligiň möhüm ugurlarynyň biri hem tebigy gazyň gazylyp çykarylyşyny, esasan-da dünýä boýunça iri gaz ýataklarynyň biri bolan “Galkynyş” gaz ýatagyny, Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny we kenarýaka zolaklaryny özleşdirmegiň hasabyna artdyrmak bilen birlikde, ýurdumyzda tebigy gazyň gaýtadan işlenilmeginiň gerimini giňeltmek bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigy gazy innowasion tehnologiýalar esasynda toplumlaýyn gaýtadan işleýän kärhanalaryň ýokary hilli önümleri diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlarynda uly islegden peýdalanmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä bazarlarynda hem öz ornuny ynamly pugtalandyrýar. Tebigy gaz gazhimiýa senagaty üçin esasy çig mal bolup hyzmat edýär. Mawy ýangyjy toplumlaýyn gaýtadan işlemekden alynýan önümler hemişe täze goşulan gymmaty döredýär we goşmaça ykdysady girdeji almaklyga mümkinçilik berýär. Şonuň üçin tebigy gazyň çykarylyşynyň artdyrylmagy bu senagat pudagynyň ösmegine we degişlilikde dünýä bazarlaryna çykarylýan pudak önümleriniň görnüşlerini we ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaklyga uly itergi berer.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Babakulyýew Behruz

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: