BIZE YAZYARLAR

Gatyk suwyndan tebigy proteinleri almagyň biologiki usullary

Süýt we süýt önümleri düzüminde ähli düzüjileriň (komponentleriň) amatly utgaşmada bolmagy we ýeňil siňýän görnüşde süýdi berhiz we bejeriş iýmiti üçin, aýratyn hem aşgazan – içege kesellerinde, ýürek we gan damar kesellerinde, bagyrda, böwrekde, süýji kesellerinde, semizlikde, ýiti aşgazan kesellerinde (gastrit) tapylgysyz we juda gymmatly önüm edýär. Ol edil deňagramlaşdyrylan berhiziň bir bölegi ýaly, ýaşaýşa bolan işjeňligi saklamak üçin we edil ömrüň dowamlylygyny artdyrmagyň sebäbi ýaly gündelik (her gün) (kabul) edilmelidir.
Çagalaryň iýmitinde, aýratyn hem olaryň ömrüniň birinji döwründe süýdüň uly ähmiýeti bar. Belok örtükli ýag şarjagazlary ösüş yzygiderliligini kadalaşdyrýan we organizmi ösdürýän aminoturşular bolan – fosfolipidleriň, arginin we treoniniň fosfolipidleriň, arginin we treoniniň, fosfolipidleriň, arginin we treoniniň jemleýärler. Süýt süňküň düzümini gurmak üçin fosforyň we kalsiniň ýeňil siňmeginiň çeşmesi bolup durýar.
Bütin dünýä ýüzünde ekologiki taýdan arassaçylyk meselesine aýratyn üns çekilýär. Ekologiki iýmit galyndylaryny gaýtadan işlemek we önümçilige girizmek aýratyn hem bellärliklidir. UNESCO – nyň öňüne goýan Durnukly ösüş maksatnamasynyň bir bölegi açlygy ýok etmek bolmagy ýöne ýerden däldir. Gatyk suwy önümçilikde ekologiki galyndy hökmünde seredilýär. Emma bu önüm özünde saklaýan proteinlerini we käbir kislotalary önümçilikde ýokary derejeli ähmiýetli we gymmat bahalydyr. Şol sebäpden hem gatyk suwyny önümçilige girizmek ýokary wajyplyga eýedir.
Gatyk suwyndan protein almak biologiki taýdan ýokary netijelilik görkezýär. Bu bolsa iýmit goşundylary lipoproteinler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

Gunça MUSURMANKULOWA,
Köýtendag etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň mugallymy.