BILIM

Garynjalar — zähmetsöýer jandarlar

Garynjalaryň özlerini aly baryşlaryna syn edeniňde, geň galdyrýan zatlar ünsüňi çekýär. Olaryň topar bolup ýaşaýyşlary diýjekmi ýa-da bir iş edenlerinde, hatardan çykman ýöreýişlerini…   Ýa-da biri-biri bilen duşuşanlarynda, maňlaýlaryny degrip, «salamlaşyşlaryny»…

Umuman, bu kiçijik jandarlary öwrendigiňçe, oýlanmaga mejbur edýän maglumatlaryň sany şonça-da köpelýär. Topar bolup ýaşaýan, zähmetsöýer we özlerini alyp baryşlary aňy ösen diýip aýtmaga esas berýän bu mör-möjekleriň on iki müň görnüşi duş gelýär. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, eliňe alanyňda, agramynyň bardygy hem duýulmaýan garynjalaryň ýer ýüzündäkileriniň hemmesiniň bilelikdäki agramy ähli adamlaryň agramy bilen deň bolmaly. Olaryň jemi sanyny biljek bolsaň bolsa, milliardy milliarda köpeldäýmeli diýýärler.

Iň esasy zat bolsa, garynjalaryň ýaşaýşyny üns berip öwrenseň, adamlaryňka çalymdaş ýerlerini tapmak bolýar. Mysal üçin, olar maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanýarlar. Özleriniň lukmançylyk «gullugy», tehniki enjamlary bar. Şonuň ýaly-da, gurluşyga ökde, harby işde-de güýçli. Onsoň: «Bu jandarlara şeýle işler nädip başardýarka?» diýen sorag öz-özünden döreýär. Garynjalaryň beýnisinde bäş ýüz müň neýronyň bardygyny göz öňünde tutanyňda, soraglar hasam köpelýär. Sebäbi adamlaryň beýnisi bilen deňeşdireniňde, ol örän ujypsyzja bolup galyberýär. Ynanmasaňyz, özüňiz deňeşdirip göräýiň: adamyň beýnisinde segsen alty milliard neýron bar.

Diňe şu maglumatlar hem garynjalary öwrenýän ýörite ylmyň ýöne ýerden döredilmändiginden habar berýär. Oňa mirmekologiýa diýilýär. Garynjalaryň keteklerine ýüzleý syn edeniňde hem, bu jandarlaryň ylmy taýdan öwrenmäge mynasypdygyny görmek bolýar. Olaryň her biriniň gurluşy million adam ýaşaýan uly şähere çalymdaş. Her ketegiň esasysyndan başga ätiýaçlyk çykalgalary bar we olar ýörite garawullar tarapyndan goralýarlar. Bir gyrada bolsa özleriniň hususy gonamçylygy ýerleşýär. Içinde un, et saklanylýan, ammarlary, çagalar baglary bar. Özleri üçin solýariý (gün wannasyny kabul etmek üçin ýörite abzallaşdyrylan ýer) gurýarlar. Aýratyn peýdaly sirejeleri ýörite malhanalarda saklaýarlar. Şonuň ýaly-da, gyşlag «otaglary» bar. Patyşa otaglarynda ene garynja günde bir ýarym müňe çenli ýumurtga taşlaýar.

Olaryň «maldarçylygy» örän netijeli alyp baryşlary aklyňy haýran edýär. Garynjalaryň garaşyk edýän sürülerindäki şirinjeler erkin ýaşaýanlaryna garanda, örän çalt ösýärler we köpelýärler. Garynjalar uglewodlara baý iýmit almak üçin olary sagýarlar. Ýöne diňe munuň bilen hem çäklenmeýärler. Olar «mallaryny» zyýan berijilerden we beýleki mör-möjeklerden goraýarlar. Sirinjeleri ösümlikleriň gowy ýerlerine geçirýärler, günden goramak üçin «telär» galdyrýarlar. Gyş aýlary bolsa olaryň urkaçylaryny emaýlyk bilen özleriniň ýylyja keteklerine ötürýärler.

Garynjalar ösümliklerden liçinkalary üçin «çörek» taýýarlaýarlar. Onuň üçin ilki bilen gerekli tohumlary ýygnaýarlar, soňra olary ýörite gurlan gury ammarlara daşaýarlar, gabygyny arassalaýarlar, un ýaly edip owradýarlar. Belki, köpler garynjalaryň hemmeleşip däneleri keteklerinden çykarýandyklaryny görendirler. Olar ony ýörite edýärler. Ýagny, her gezek ýagyş ýagandan ýa-da keteklerini suw alandan soň tohumlary ammardan daşary çykarýarlar we guradýarlar. Umuman aýdanda, bu mör-möjekleriň hereketleriniň her biri haýsy hem bolsa, bir maksada gönükdirilen.

Adamlar bu işleri dogry ýerine ýetirmek üçin, iň bolmanda, ýörite başlangyç hünär mekdebini tamamlaýarlar, institutda okaýarlar we her biri bilim alan ugrundan zähmet çekýärler. Şeýle zähmet bölünişigi garynjalarda hem bar. Mysal üçin, awçy garynjalar özlerinden has uly mör-möjekleri tutmak üçin ýörite duzaklary gurmagy başarýarlar. Olaryň awy şowly hem bolýar. Garynjalaryň tutýan möjeginiň özlerinden näçe esse uludygyny göz öňüne getirmek üçin, adam bilen pili göz öňüne getiräýmeli. Garynjalar ilki bilen ösümlikleriň süýümlerinden pile örýärler we onda kiçijik deşikleriň ençemesini edýärler. Soňra piläniň aşagyndaky deşiklere kellelerini sokup, awuna garaşýarlar. Ösümlikleriň arasynda gizlenilip goýlan pilä äpet tomzagyň aýagy düşdügi, olar oňa agyz urýarlar we kömek gelýänçä,dişläp saklap durýarlar. Alymlary bu çylşyrymly işleriň ählisi bary-ýogy bäş ýüz müň neýronly kellede ýerleşýändigi geň galdyrýar.

Elbetde, bu ýerde haýsydyr bi syryň bolmagy mümkin. Alymlar: «Şeýle gowy işleýän beýni olaryň haýsynda ýerleşýärkä?» diýen soraga jogap gözläpdirler. Has içgin öwrenenlerinden soň, garynjalaryň arasynda ýaltalarynyň hem bardygyny ýüze çykarypdylar. Olar hiç iş etmeýärler. Uzyn gün iki tarapa ygyp, oňa-muňa seredip ýörýärler. Ýöne şonda-da beýleki garynjalar olary aralaryndan kowmaýarlar, gaýtam, olaryň iýmitini berýärler, gadryny bilýärler. Bilermenler, olaryň garynjalaryň «alymlary» bolmagynyň mümkindigi baradaky pikiri orta atýarlar. Utgaşdyryjylar bolmagy hem mümkin diýýärler. Ýöne bu çylşyrymly işleri guramak üçin olaryň haýsy dilden peýdalanýandyklary welin belli däl. Geljekki barlaglardan soň, belki, oňa hem jogap tapylar.

Internet maglumatlarynyň esasynda taýýarlan:

Nurýagdy Reýimow,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hojambaz etrap geňeşiniň esasy hünärmeni. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: