DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Garwardly gözlegçi başga planetalaryň enjam galyndylaryny tapdy

Garward uniwersitetiniň alymy Awi Leb, Ýuwaş ummanyň düýbünde tapylan metal şarlaryň keseki tehnologiýa bolandygyny görkezýän täze subutnamalarynyň bardygyny aýtdy.

Awi Leb geçen ýyl Ýuwaş ummanyň düýbünde özüniň we toparynyň açan ýüzlerçe metal şarlara bagyşlanan täze gözlegini mälim etdi.

Onuň pikiriçe, gözlegleriň netijesi bu tapyndylaryň, ýerden daşary siwilizasiýa tarapyndan döredilen kosmos gämisiniň bir bölegi bolup biljekdigini görkezýär. Alym, täze netijeler şarlaryň himiki düzüminiň Gün ulgamyndaky her bir mälim materiallardan tapawutlydygyny aýtdy.

“Korrespondent.net”-iň habar bermegine görä, seljeriş bu obýektleriň bize Gün ulgamyndan gelmändigini görkezdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: