DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Garramaýan adamlaryň ýurdy 


Ýaponiýanyň garry ilaty 36,25 million kişä ýetip, rekord derejede göterildi. Hökümetiň maglumatlaryna görä, 65 we ondan uly ýaşdaky ýapon halky häzirki wagtda ilatyň 30 göterimini düzýär.

Ýaponiýanyň Içeri işler we aragatnaşyk ministrligi ýekşenbe güni garrylar ilatyň takmynan, 29,3 göterimini düzýändigini aýtdy.

Ministrligiň habaryna görä, 65 we ondan ýokary ýaşlylaryň 20,53 milliony aýallar, 15,72 milliony erkeklerdir.

Şeýle hem, maglumatlar geçen ýyl rekord derejede 9,14 million garry adamlaryň iş bilen üpjün edilendigini görkezdi.

Tokioda ýerleşýän Ilat we sosial howpsyzlyk milli gözleg instituty 2040-njy ýyla çenli garry ýaponlar ýurduň ilatynyň 34,8 göterimini düzjekdigini çaklady.