Garaşsyzlyk – şöhratly gelejegimiz
Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda arzuwlan mukaddes Garaşsyzlygyna 33 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli, ýurdumyzyň ähli ýerinde baýramçylyk dabaralary giňden ýaýbaňlandyrylyp, berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzda toýlar ýygy-ýygydan geçirilýär.
Ynha Beýik Garaşsyzlygyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher geňeşiniň gurnamagynda uly baýramçylyk bellenildi. Bu ajaýyp baýramçylyk konsertiniň dowamynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň agzybir döredijilik toparlary özleriniň çykyşlaryny tomaşaçylara ýetirdiler.
Konsertiň başyny aýdymçylar we hor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde “Garaşsyzlyk toýun toýlar” , “Arkadag Serdarly Gahryman Watan”, “Magtymguly Pyragy”, “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly dabaraly aýdymlary ýaňlandy. Soňra mekdebimiziň mahmal owazly talyplary ýekelikde “Diwana boldum indi” aýdymyny Babajan Hanmyradow, “Pyragy” aýdymy Ata Gaýipow, “Garaşsyzlyk baýramy” aýdymy Selbi Imamowa ýerine ýetirdirler. Bu owadan baýramçylyk aýdymlary tomaşaçylarda örän tasir galdyrdy.
Konsertiň dowamynda mekdebimiziň skripkaçylar ansambly we sazlar çemeni bilen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar ansambly çykyş etdiler. Sazlaryň ussatlarça ýerine ýetirilmegi konsert dabarasyny bezedi.
Soňra mekdebimiziň hor topary we “Owaz” akapella topary özleriniň aýdymlary bilen konserte uly öwüşgin çaýdy.
Konsertde mekdebimiziň kamera orkestriniň owadan sazlarynyň astynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine “Bu gün” aýdymyny Leýla Resulowa ýerine ýetirdi, bu aýdymyň ýaňlanmagy diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. Soňra kamera orkestriniň ajaýyp sazlarynyň ýaňlanmagy bilen baýramçylyk konserti jemlendi.
Sahnada aýdymçy sazandalar toparlarynyň, joşgunly çykyşlarynyň, nepis owazlanmasy diňleýjileriň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldular.
Gadymdan gelýän milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy aýap saklamakda, dünýä ýüzüne ýaýmakda, hünär ussatlyklaryny ýüze çykarmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalaryna jogap edip, Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary döredijilikli zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň geljekki ýaş nesilleri üçin şeýle uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, umumadamzat ähmiýetli döwletli işleri rowaçlyklara beslensin!
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti ” bölüminiň ýaş hünärmen mugallymy Orazowa Ýazjemal Paltanepesowna