Garaşsyzlyk şäherçe kitaphanasynda duşuşyk guraldy
Dänew etrabynyň Garaşsyzlyk şäherçe kitaphanasynda okyjylar bilen söhbetdeşlik duşuşygy guraldy. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Edilen çykyşlara dana şahyr Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlarynyň ýaşlary millilik, watansöýüjilik, dostluk we birek-birege hormat goýmak ruhunda terbiýelemekdäki gymmaty hakynda gürrüň edildi. Şeýle hem akyldar şahyryň dünýä dillerine terjime edilen goşgularyndan parçalar okaldy.
Çykyşlarda söz ussadynyň döredijiligini öwrenmek we dünýä ýaýmak ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine hem aýratyn üns çekildi. Kitaphanaçylaryň şanly ýyla bagyşlap guran kitap sergisi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.