BIZE YAZYARLAR

Garaşsyzlyk — ösüşleriň gözbaşy

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet bolmak, agzybir jemgyýeti gurmak ýaly köpasyrlyk arzuwlarynyň, milli we ruhy gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna eýe bolmak islegleriniň wysalyna gowuşmasydyr. Hut şonuň üçin hem bu sene ýurdumyzda giňden bellenilip, uludan baýram edilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde döwre mynasyp ýaşlary terbiýelemek, olary zähmete ruhlandyrmak, ýaş nesliň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ýaşaýyş şertlerini, bilim alyş mümkinçiliklerini giňeltmek ugrunda hem giň gerimli özgertmelere badalga berildi. Bu ugurdaky depginli we maksatnamalaýyn işler jemgyýetimizde Watana wepaly, kämil bilimli we başarnykly şahsyýetleriň kemala gelmegine giň mümkinçilikleri açdy.

Ynha bu gün hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda parahatçylygyň, abadançylygyň, rowaçlygyň, dost-doganlygyň, durnukly ösüşiň  ýurdy hökmünde tanalýan eziz Watanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramçylygyny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň çar künjeginde giň gerime eýe bolýan medeni we köpçülikleýin çäreler, maslahatlardyr forumlar halkymyzyň bagtyýarlygynyň, ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleriniň aýdyň nyşanydyr.

Biz hem körpeleriň watançylyk duýgularyny ösdürmek, olaryň döredijilik başarnyklaryny açmak maksady bilen çagalar bagymyzda birnäçe çäreleri geçirdik. Ýagny «Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri», «Gülleýär, gül açýar eziz Watanym», «Goý ýaňlansyn Garaşsyzlyk aýdymy» diýen atlar bilen geçirilen döredijilik bäsleşiklerinde çagalar surat çekip, aýdym aýdyp öz çykyşlarynda Garaşsyz Watanymyzyň waspyny beýan etdiler.   

Sümbül Hojaniýazowa,

Çärjew etrabyndaky 17-nji çagalar bagynyň müdiri.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: