BIZE YAZYARLAR

Garaşsyzlyk-milli buýsanjymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Mukaddes Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň belent-belent sepgitleriniň, şan-şöhrata beslenýän röwşen geljegimiziň, üstünliklerimiziň binýadydyr. Ata Watanymyza baş baýramymyz bolan Mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy ýetip geldi. Bu şanly baýramçylyk halkymyzyň taryhy ösüşleriniň ylham çeşmesidir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýy mynasybetli ýurdumyzda meşhur medeniýet we sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalarynyň döredijilikli konsertleri, baý many-mazmunly baýramçylyk çäreleri giňden dabaralandyrylýar. Şanly Garaşsyzlyk bütin türkmen
halkymyza egsilmez güýç, ýaş nesillerimize uly ynam berýän beýik gudratdyr.
1991-nji ýylyň tylla güýzünde ata-babalarymyzyň ençeme asyrlap eden arzuwlary hasyl boldy. Garaşsyzlyk biziň milli buýsanjymyz, guwanjymyz iň gymmatly baýlygymyzdyr. Garaşsyzlygymyzyň 34 ýylynyň içinde taryhy wakalar, döwlet ähmiýetli birnäçe işler durmuşa geçirildi. Türkmen halky Garaşsyzlygyna eýe bolan ýyllaryndan bäri ykdysadyýet, medeniýet, bilim, ylym we sport ulgamlarynda düýpli özgertmelere badalga berildi. Berkarar Watanymyz 34 ýylyň içinde görlüp eşidilmedik derejede ösdi, özgerdi. Ýurdumyzyň parahat, asuda, erkana durmuşda ýaşamaklygy, garaşsyz özbaşdak döwlet bolmaklygy Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren sowgady, peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Döwlet-adam üçindir!” diýen şygarynyň ýokary derejede üstünlikli durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda asuda, abadan durmuşyň hözürini görüp ýaşaýar. Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de gülläp ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de röwşen geljegimiz üçin gijesini
gündiz edip işleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwlet ähmiýetli işlerinde uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris!

Firuza RAIMOWA,
Türkmenabat şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň
“Umumy fortepiano” bölüminiň mugallymy.