BIZE YAZYARLAR

Garaşsyzlyk – milletimize egsilmez güýç berýän, nesillerimize ynam berýän gudratdyr

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, günsaýyn gül açýan, bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň şöhraty häzirki wagtda dünýäniň beýleki künjeklerinde hem uly abraýa eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowamly alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde
ýurdumyz dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öz mynasyp ornuny eýeleýär.
Garaşsyzlyk — bu milletimiziň, tutuş türkmen halkymyzyň göz guwanjy, milli buýsanjy hasaplanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň: “Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr” diýip, nygtap aýdan sözlerinden ugur alnyp, çagalaryň, geljekki ýaş nesillerimiziň aňynda millilik ruhuny döretmek, ony terbiýelemek ýurdumyzda hereket edýän bilim edaralarynyň baş wezipesi bolupdurýar. Bu ýagdaý bolsa, ynsan kalbynda özüňe bolan ynamy, güýç-kuwwaty, şeýle-de ruhy taýdan kämilligi döredip, Watanymyz üçin hatda şirin janyny-da gaýgyrmajak ýaşlary kemala getirmäge mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI Gurultaýyndaky eden çykyşynda şeýleräk belläp geçýär: “Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär”
Hakykatdan-da, Garaşsyzlyk — mukaddes düşünje. Ol diňe şeýle bolmak bilen çäklenmän, eýsem, tutuş bir milletiň geljegini, ykbalyny kesgitleýän, bahasyna ýetip bolmajak halkara derejedir. Dünýäniň syýasy arenasynda öz ornuny tapan biziň bagtyýar halkymyzyň eşretli, erkana, bolelin durmuşda ýaşamaklygynyň düýp sebäbi hem şundan ybaratdyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, daşary döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlyk, BMG-niň agzasy hökmünde dünýäniň beýleki döwletleriniň  ýolbaşçylary bilen alyp barýan dostlukly gatnaşyklarynyň netijesinde ýurdumyzyň syýasy Garaşsyzlygy  has-da berkeýär. Onuň berkemegi bolsa, türkmen halkynyň asuda we parahat durmuşda ýaşamagyny,
ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň öz saýlan kärleriniň eýesi bolup, günsaýyn gül açýan berkarar Watanymyzyň ösüşine öz goşantlaryny goşmaklaryny üpjün edýär.
Öz milli Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň, elbetde, bu begençli wakany şahyrdyr-ýazyjylarymyz hem özleriniň dil çeperçiligini ulanyp, ony ussatlarça wasp etdiler. Şu ýerde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň bu şanly waka barada ýazan şahyrana goşgusyny belläp geçmek ýerlikli  bolar:

Halk arzuwy hasyl bolýar ahyry,
Men bu güne kän asyrlap garaşdym.
Men bu gün garaşsyz ýurduň şahyry,
Türkmenistan – söwer ýurdum garaşsyz!

Ine, şu setirlerden hem görnüşi ýaly, türkmen ýazyjy-şahyrlarymyzyň kalplaryndan syzylyp çykan ýürek buýsançlary, şahyrana dil bilen ussatlarça taraşlanylyp, türkmen okyjylaryna ýetirildi, bu iş ýaş şahyrlarymyz, ýazyjylarymyz tarapyndan häzir hem dowam etdirilýär. Çeper edebiýaty, aýdym-sazy söýýän halk hökmünde türkmen halkynyň dürli temalarda, aýratynam “Watançylyk”,
“Garaşsyzlyk” temalarynda ýazylan, döredilen eserleri özüne has ýakyn saýmagy bolsa, bu biziň ata-babalarymyzdan galan Garaşsyz, öz aýratyn milli döwletlerini döretmeklik dogrusynda möwç urup duran Watançylyk duýgularynyň ýaş nesillerimize siňmegi bilen berk baglanyşyklydyr.
Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziňem belleýşi ýaly, Watanymyzyň garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi, ol bu gün iň ýokary münberlerden dünýä ýaň salýar.
Garaşsyzlygyny dünýä jar edip, öz erkinligini gazanan ata Watanymyzyň durnukly ösüş ýoluna düşmegi, halkymyzyň eşretli, erkana durmuşda ýaşamagy hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parahatçylykly syýasatynyň, taýsyz tagallalarynyň miweleri bolup durýar. Öz
halkyny şeýle parahat, asuda, bolelin durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp minnetdarlygymy bildirýärin. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Humaý JUMABERDIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.