Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyň baýramçylygyny dürli ugurlarda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiz sowgatly garşylaýar. Özygtyýarly döwletimiziň bagtyýar çagalaryň ykbal ýollaryna ýagty nur saçan Garaşsyzlyk arzuwlaryň ganatyna öwrüldi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde hormatly Prezidentimiziň yglan eden milli bilim özgertmeleri bize täzeçe işlemäge badalga berdi. Eger-de asmanymyzda ak kepderiler ganat ýaýyp, parahatçlygymyzyň güwäsine öwrülýän bolsa, bu pursat Garaşsyzylygyň bize beren beýik peşgeşisir. Bu Diýarda çagajyklaryň şadyýan gülküleri Garaşsyzlygyň miwelerinniň çäksizliginiň güwäsidir.
Çärjew etrabynyň 40-njy orta mekdebinde ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Garaşsyzlyk-bagtymyzyň gözbaşy” diýen at bilen dabaraly çäre hem ýokary ruhubelentligi bilen tapawutlandy.
“Garaşsyzlyk ýyllarynda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler” diýen at bilen guralan sergide tejribeli mugallymlaryň taýýarlan okuw-görkezme esbaplaryna, okuwçylaryň elde ýasan işlerine aýratyn orun berildi. Mekdep kitaphanasynyň müdiri Bibijan Hudaýnazarowanyň taýýarlan “Garaşsyzlyk göwünleriň ganaty” atly kitap sergisinde gazet-žurnallara we çeper eserlere aýratyn orun berildi.
Baýramçylyk öwüşginleri bbilen bezelen meýdança bu ýere ýygnananlaryň göwünlerini belende göterdi. Türkmen dili we edebiýaty mugallymlary Gülnara Rustamowa, Gülbahar Jumanyýazowa dagylaryň okan nutuklarynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen belent sepgitler beýan edildi.
Mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlarynda, okan goşgularynda Watanymyzyň Garaşsyzlygy, Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýörelgelerini mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleri wasp edildi. Zehinli okuwçylaryň mekdep durmuşy bilen baglanyşykly taýýarlan sahnalary bu ýere ýygnananlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Ýaş sazandalaryň milli saz gurallarymyzda ýerine ýetirilen sazlar göçgünliligi bilen çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Mekdebiň zehinli 12-nji synp okuwçylary Annamyrat Matrasulow, Didar Şakirow, Sanjar Zafarow, Angar Kemalow, Maksat Çaryýewa dagy Garaşsyzlyk, Watan mukaddeslikleri
bilen baglanyşykly sowallara jogap bermekde has-da işjeňlik görkezdiler. Ýaş suratkeşleriň arasynda ýurt Garaşsyzlygymyzy wasp etmek boýunça guralan bäsleşik özboluşlylygy bilen tapawutlandy. Basleşikde 12-nji synp okuwçysy Nargiza Ygtyýarowanyň çeken suratlary 1-nji orna mynasyp boldy.
Biz okuwçylaryň ukyplaryny ösdürmek, olarda Watana bolan söýgini döretmek maksady bilen dürli çäreleri gurap durýarys. Ýaşlaryň bilime, sungata teşnedikleri bolsa örän guwandyrýar. Garaşsyzlyk şuglasy ähli ösüşleriň, ylmyň gazananlarynyň gözbaşynda durmak bilen, adamzat aňynyň has-da ösmegine, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna badalga bolup durýar.
Dilaram AÇYLOWA,
Çärjew etrabynyň 40-njy orta mekdebiniň ýokary derejeli türkmen dili we
edebiýaty mugallymy.



