BIZE YAZYARLAR

Garaşsyzlyk bilen galkynýar Watan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygy bilen milli senenamamyzda orun alan şanly seneler zähmet sowgatlary bilen garşylanyp, göwün galkyndyryjy dabaralara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlyk hem merdana ata-babalarymyzyň parahatçylyk ugrundaky beýik ýeňişlerini, halkymyzyň bitewüligini, ruhubelent raýatlarymyzyň ata Watanymyza bolan belent söýgisini, ösüp gelýän ýaşlarymyzyň uzak taryhly geçmişimize, bagtyýar şu günümize hem-de beýik geljegimize ygrarlylygyny şöhratlandyrýar. Ähli ulgamlarda gazanylan üstünlikler we ýeňişler, netijeli özgertmeler we ýetilen sepgitler, taryhy ähmiýetli wakalar we şanly seneler güneşli Diýarymyzyň ýylýazgysyna täze mazmun çaýdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitler, halkara gatnaşyklarynda gazanan at-abraý milli Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň halkymyza eçilen datly miweleridir.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen belent sepgitler, gazanylan ýeňişlerdir üstünlikler ýurdumyzy tanalmaz derejede özgertdi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ykdysady, medeni we ýaşaýyş-durmuş taýdan sazlaşykly ösüşler gazanylyp, şäherlerimiziň, obalarymyzyň durky täzelenip, dünýä derejesine kybap gelýän binalar halkymyza hyzmat edýär.
Döwletimiziň toplumlaýyn ösüşine, jemgyýetimiziň işjeňleşmegine, ähliumumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbidine gönükdirilen iri möçberli wezipeleri durmuşa geçirmekde halkymyzyň we onuň esasy düzüm bölegi bolan ýaşlaryň hyzmaty örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň öwüt-ündewlerinden ruhlanýan, Garaşsyzlyk bagtyndan galkynýan tutanýerli ýaşlar bu gün döwlet ähmiýetli, halk bähbitli jogapkärçilikli wezipeleriň hötdesinden gelmek bilen, özlerine bildirilen ynamy ödeýärler. Hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebislenip, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny we onuň gazananlaryny goramagy, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýäniň kuwwatly döwletleriniň birine öwürmek üçin asylly işleri durmuşa geçirmegi, dünýä halklarynyň dost–doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşmagy mukaddes borç edinýärler.
Garaşsyzlyk bize ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky arzuwlaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berdi. Halkymyzyň aňynda, medeni hem-de ruhy durmuşynda uly öwrülişikler bolup, düýpgöter täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ulgamy kemala geldi. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän ynsanperwer däplerini dikeltmäge mümkinçilik berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban Watanymyzda şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýetliligi baradaky milli däpleri döwrebap derejede dowam etdirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen berkarar Diýarymyzda geçen sanlyja ýylyň içinde döwrebap orta we ýörite orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Ýokary okuw mekdeplerinde täze hünär ugurlary açyldy. Ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany has-da artdyryldy. Elbetde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň örän çalt depginlerdäki sazlaşykly ösüşleri ähli türkmenistanlylary döredijilikli zähmete, döwrüň ägirt uly işlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düşünmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynda amala aşyrylýan beýik işlerde milli ýörelgelerimiziň — ata babalarymyzyň ata Watan babatdaky arzuwlarynyň we milli däp – dessurlarymyzyň esasy orunda bolmagyna aýratyn ähmiýet berýär.
Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň uludan belleniljek ýylynyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagynyň örän çuňňur manysy bar. Çünki «At aganan ýerde toý bolar» diýýän halkymyz bedew atynda maksat-myradyny görýär. Şeýle asylly ýörelgelerimizi dowam etdirmäge, olary dünýä ýüzüne ýaýmaga hemmetaraplaýyn mümkinçilikleriň bolmagy bize Garaşsyzlygymyzyň beren bagtydyr. Garaşsyzlyk — türkmen halkynyň alnyndan ak Gün bolup dogan bagt. Ol bagtyň eşretini erkin, parahat durmuşymyzda hemmetaraplaýyn duýýarys. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan berkarar döwletinde her bir gün, her bir aý şan-şöhrata, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Bu wakalar Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly ilerleýändigini, halkara abraýynyň ýokarlanýandygyny, alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiliginde gyzgyn goldaw tapýandygyny görkezýär.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Watanymyzyň ykdysady kuwwaty tanalmaz derejelere ýetmegi, senagat kärhanalarynyň gurulmagy we önjeýli işlemegi, täze ykdysady ugruň hereket etmegi bilen ýurdumyz ösüşiň täze belentliklerine eýe boldy. Ykdysady kuwwatyň täze bir ýoly diwersifikasiýa – has takygy senagatlaşmak bilen bu gün Türkmenistan özüniň ykdysady ýoluny saýlap aldy. Halkyň hal ýagdaýynyň ýokary derejelere ýetirilmegi täze kanunlaryň, kararlaryň şeýle hem il bähbitli maksatnamalaryň kabul edilmegi ýurdy täze bir derejä ýetirmekden ybarat bolup durýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegi üçin raýatlarymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşyň hözürini görüp ýaşamaga uly güýç bolup durýar. Halk üçin alnyp barylýan şeýle belent özgertmeler biziň Garaşsyzlygymyzy has-da berkidýär.
Garaşsyzlyk biziň buýsanjymyz. Bu buýsanç Watana, halka, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenisatana bolan buýsanjymyzdyr. Şeýle bagta buýsanç döredýän, ýurtda parahatçylygy, dost-doganlygy ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömrleri uzak bolsun!

Göwher SAHATOWA,
Türkmenabat şäherindäki 49-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.