BIZE YAZYARLAR

Garaşsyzlyk – belent ykbal

Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Her ýyl bu ajaýyp baýrama garaşmagyň özi-de uly buýsanç. Baýramçylygy mynasyp garşylamak üçin her bir ulgamda uly üstünlikleri gazanmak üçin ýörite meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Gündelik täzeliklere sersalmak üçin gazetdir, žurnallary ele alanyňda makalalarda ýa-da goşgy setirlerinde gabat gelýän “Garaşsyzlyk biziň ata–babalarymyzyň arzuwlan bagty” diýen sözleri okanyňda, biygtyýar oýa batýarsyň.
Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary-ýogy 34 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, gündizleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. Bu günki gün Türkmenistan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürmek bilen dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orunlaryň birini eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwletiň we her bir adamyň, bütin halkyň hem-de jemgyýetiň öňünde bir maksat — ata Watanymyzyň gülläp ösmegini, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek wezipesi durýar» diýip belleýär. Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän aýdyň maksatnamalary guwandyryjy netijeleri berip, il-halky diýseň buýsandyrýar.
Diňe parahat ýurtda, il agzybirligi bilen uly ösüşleri gazanyp, belent sepgitlere ýetip bolýandygyna bu gün halkymyz öz durmuşynda göz ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň haýsy bir ugruna nazar aýlasak-da, halkymyz üçin bähbitli maksada — il-ýurt abadançylygyny pugtalandyrmaga,
jemgyýet jebisligini üpjün etmäge gönükdirilen netijeler ör-boýuna galýar. Berkarar Watanymyz demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllary içinde durnukly ösüşleri, ýurt abadançylygyny hem-de jemgyýet jebisligini üpjün etdi. Ýurdumyz parahatçylygy goldaýan döwlet
hökmünde uly abraý gazandy. Örän möhüm syýasy, ykdysady we ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürmek bilen, halkara giňişliginde doly ykrar edildi.
Binýady berkden bolan eziz Watanymyzyň milli Garaşsyzlygy halkymyzy baky bagta eýe etdi. Hut şonuň üçin-de halkymyz şanly Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Agzybir halkymyz bu ýyl Garaşsyzlyk baýramyny öňkülerden has
joşgunly, galkynan ruhubelentlik bilen garşy alýar. Bu senäniň hormatyna guralýan dabaralar halkymyzyň asylly däp-dessurlary, asyrlaryň dowamynda döreden ruhy gymmatlyklary we aýdyň maksatly ruhubelentlik ýörelgeleri bilen utgaşýar.
Garaşsyzlyk – belent ykbal! Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Şu gün bu toýuň ýakymyny bagtymyz ýaly belende göterilen Gün buşlaýar!
Baş baýramymyz – döwletlilik toýumyz gutly bolsun!
Ýaşasyn Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz!
Ýaşasyn Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan!

Maral DATOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy