BIZE YAZYARLAR

Garaşsyzlyk-baky bagtyň ak ýoly

Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylymyzda sanlyja günlerden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýuna uly zähmet üstünliklerimiz bilen barýarys Biziň ýurdumyzda her bir gelýän şanly senelere toý sowgatly barmak asylly däbe öwrüldi. ,,Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylynda şeýle dabaraly çäreleriň bellenilmegi türkmen toýlarynyň goşa goşadan gelmegi uludan tutulmagy bagtyýar halkymyz bilen bilelikde biz muzeý hünärmenlerini buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda muzeýleriň işi barha kämilleşdirilýär. Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygynyň toý-dabaralary ýakynlaşdygyça gözel ýurdumyza buýsanjymyz has-da artýar. Şu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde baýramçylyk çäreleri giň gerimde bellenilip geçilýär.
,,Garaşsyzlyk biziň ata-babalarymyzyň arzuwlan bagty” Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde türkmen halkynyň alnyndan ak Gün dogup, bagt guşy al-asmanda ganat ýaýdy. Türkmenistan öz mukaddes Garaşsyzlygyny dünýä ýüzüne jar etdi. Ata-babalarymyzyň arzuwlan, akyldar şahyrymyz Magtymguly pyragynyň asyrlar boýy ,,Berkarar döwlet islärin” diýen ýürek islegleri bu gün amala aşdy. Bary ýogy 34 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Bu günki gün Türkmenistan parahatsöýüjilikli, ynsanperwer ýörelgeleri öňe sürmek bilen dünýä jemgyýetçiliginde mynasyp orunlaryň birini eýeleýär. Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk – bu türkmen halkynyň goşa ganaty. Şol goşa ganaty birleşdirip, halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan bolsa Gahryman Arkadagymyzdyr, peder dowamaty Arkadagly Serdarymyzdyr Mähriban halkymyzy abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli lideriniň hem-de Arkadagly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn! Biz muzeý hünärmenlerine işlemäne döredijilikli zähmet çekmäne muzeý gymmatlyklaryny wagyz etmäne ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsun aýdýarys.
Ýurdumyzda bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Bagtyýar türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Eziz ata Watanymyz Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy gutly bolsun!

Şeker BATYROWA,
Türkmenabat şäher Beýik
Watnçylyk urşy muzeýiniň ylmy işgäri.