BIZE YAZYARLAR

Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy

Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşydyr. Ýurdumyzyň 34 ýyl mundan ozal garaşsyzlygyny gazanmagy diňe bir taryhy waka bolman, eýsem ol Watanymyzy ösdürmäge, halkymyzyň abadan durmuşyny, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmege hem giň ýol açdy. Hut şonuň üçin Garaşsyzlygymyz biziň üçin mukaddesdir.
Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk ýurdumyzyň ösen döwletleriň hataryna goşulmagy, dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmagy üçin ygtybarly esas döretdi» diýip bellemegi hem onun gadyr-gummatynyň ýokarydygynyň beýanydyr.
Ýurdumyzyň garaşsyzlygyny gazanmagy mertdana ata-babalarymyzyň asyrlarboýy özbaşdak döwlet gurmak baradaky köňül arzuwlarynyň wysal bolmagydyr. Türkmen halkynyň ykbalynyň göterilmegidir. Türkmenistan döwletimiz garaşsyzlygyny gazanmak bilen, geçen 34 ýyllyk taryhy döwürde, Berkarar döwletin täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ösüşlere eýe boldy. Bu günki günde Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe  barýar. Muňa ýurdumyzyň makroykdysady görkezijilerine nazar aýlasañda göz ýetirmek bolýar. Şol görkezjiler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşe eýedigini alamatlandyrýar.
Milli ykdysadyýetimizde özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň himiýa we nebit- gaz, ýangyç energetika, senagat, obasenagat toplumlarynda, ulag-aragatnaşyk, söwda, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda şeýle-de telekeçilik pudagynda gaty uly üstünlikler gazanylýar. Jemi içerki önümiň ösüş depgini ýokary derejede saklanylýar. Bölek-satuw haryt dolanşygynyň möçberi artýar. Maýa goýum syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Indi 34 ýyl bäri türkmen halkymyz uly buýsanç bilen irmän-arman zähmet çekip ösüşiň täze belentliklerine tarap
öñe ilerleýär. Watanymyzyň şan-şöhraty dikeldilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen halkynyň sarsmaz gorag galasyna öwrülýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýurduň şu gününiň, geljeginiň kepili bolan paýhasly parahatçylyk söýüji syýasatynyň ajaýyp netijesidir. Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan Watanymyzyń täze taryhynyň daşary syýasatda Birleşen Milletler Guramasy bilen pugta hyzmatdaşlyga esaslanmagy döwletimiziň aýratyn, üýtgeşik orny, zerur ugry
hökmünde yüze çykdy. Şunlukda Garaşsyz diýarymyz yzygiderli çykyşlary, möhüm başlangyçlary bilen dünýäde tanalýan, ykrar edilýän ýurda öwrüldi. Garaşsyz döwlet bolup ýaşamak bu örän uly bagtdyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýramy demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň durmuşyndaky möhüm wakadyr. Halkymyzyň bu baýramy dabaralara besläp uly ruhy belentlik bilen toýlamagynda simwoliki many bar. Bu baýram bagtymyzyň, bagtyýarlygymyzyň, eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle-de peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolmagynyň we muña buýsanjymyzyň dünýä dolmagynyň baýramydyr.
Bize şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Türkmen halkymyzy aýdyň ýollardan nurana ertirlere sary alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Şirin NARMAMEDOWA,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.