BIZE YAZYARLAR

Garaşsyzlyk – ak bagtym

Garaşsyzlyk! Bu mukaddes sözde kalbyňa ganat berýän güýç bar. Garaşsyz Türkmenistan! Ýüregiňi joşdurýan bu sözler eziz Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň azatlygynyň, erkinliginiň, özygtyýarlylygynyň ykrarnamasy bolup 1991-nji ýylyň güýzünde taryhyň täze sahypasyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy biziň bagtly durmuşymyzyň şamçyragy bolup, asmanyň nurly Güni deýtürkmen ilini özüniň ýyly mährine çoýdy.
 Garaşsyzlyk diýlende, göwün guşuň asmana galyp, hol, uzaklara çenli baglaryň, belent-belent ak mermerli jaýlaryň uzyn hatarynyň üstünden öwrüm edip, kalbyňa ýakymly duýgulary bagyş edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk ýoluny göz öňüne getirenimizde, ýüreklerimiziň ýöne ýere telwas urmaýandygyna ýene bir ýola göz ýetirýäris.
Täze taryhyny, milli döwletini kemala getirmekde türkmen halkynyň öz ýoluny tapandygyna biziň asuda, parahat durmuşymyz, okgunly ösüşlerimiz, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ýola goýlan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk şaýatlyk edýär. Ýurtda syýasy durnuklylygyň, jemgyýetçilik asudalygynyň üpjün edilmegini gazanmak döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda amala aşyrylan oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli özgertmeler syýasatynyň netijesi boldy.
Mukaddes Garaşsyzlyk! Bu ajaýyp jümle ata Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmeniň diliniň senasydyr. Garaşsyzlyk bize iňňän uly egsilmez bagty, bagtyýar döwri peşgeş berdi. Gahryman Arkadagymyzyň pähime ýugrulan dürdäne sözleri bilen aýdanymyzda «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr».
Biz — talyp ýaşlar türkmen halkyny aýdyň geljege alyp barýan, okamaga, işlemäge, ýaşamaga ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Milli Liderimize jan saglyk, il-ýurt bähbitli işlerinde üstünlikler arzuw edýäris. Geljekde biz hem öz işine tejribeli bilim işgärleri bolup, ýaş nesle ösen bilim bermekde yhlasymyzy, gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekeris.

Sona Batyrowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň fizika we
informatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby.