MEDENIÝETTÜRKMENISTAN HABARLARY

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

Lebap welaýat medeniýet müdirliginiň medeniýet merkezinde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde yglan eden bu bäsleşigine şäher, etrap tapgyrynda ýeňiji bolan 7-14 ýaşly zehinli çagalardan düzülen toparlar gatnadylar.
Ýaş sungat muşdaklary şirin owazlar bilen dürli aýdymlary ýerine ýetirdiler, wäşiler degişme sahnalary bilen tomaşaçylara lezzet paýladylar. Bäsleşik orta mekdeplerde zehinli okuwçylaryň az däldigini görkezdi.
Saýat, Çärjew, Dänew, Hojambaz, Farap etraplarynyň okuwçylaryň bäsleşige hödürlän aýdym-sazly çykyşlary eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Tapawutlanan okuwçylara welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Zehinli, döredijilik ussatlygy bilen tapawutlanan ýaşlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply