JEMGYÝET

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim hem-de Medeniýet ministrlikleriniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigine 7—14 ýaşly zehinli çagalardan düzülen toparlar gatnaşdylar.

Netijede Türkmenabat şäherinden, Saýat, Çärjew, Dänew, Hojambaz etraplaryndan gelen körpeleriň çykyşlary eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Bäsleşikde gowy çykyş edenlere welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Şeýle-de zehinli, döredijilik ussatlygy bilen aýratyn tapawutlanan ýaşlar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: