Ýetip gelýär garaşsyzlygyň toýy,
Arkadagmyň “WATAN” pikiri, oýy,
Ýer ýüzünde saňa ýok deňi-taýy,
Gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramyň.
Pyragynyň arzuwlap geçen ýoly,
Bäş welaýat, edil bir dogan ýaly,
Dostluk-doganlyga uzaýar goly,
Gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramyň.
Maslahatlar geçirilýär geňeşip,
Ýaşulular oturýarlar gelişip,
Baýramlarda gülüşip hem degişip,
Gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramyň.
Kalbym joşup ýene ýazyp başladym,
Buýsanjymdan ýaňa gözüm ýaşladym,
“WATAN”, hiç wagt saýlamaryn başgasyn,
Gutly bolsun Garaşsyzlyk baýramyň.
Selbi IMAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň IV-nji ýyl talyby
“Türkmenistanyň Prezidentiniň” talyp hakynyň eýesi.
