BIZE YAZYARLAR

Garaşsyz Watanym Türkmenistanym

Türkmen halkynyň her bir güni toýdyr baýramlara şanly senelere beslenýär. Toýly günleriň her birinde her bir türkmeniň her bir ojagynda ýurt baştutanymyza okalýan alkyşlar çäksizdir. Köküni 5 müň ýyl aňyrdan alyp gaýdýan milletimiz ata-babalarymyzyň arzuwyny amala aşyryp Garaşsyz döwlet boldy.
Ata babalarymyzyň arzuwlap ýeten garaşsyzlyk ýyllarynyň her birinde asyrlara barabar işler edildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda öňe sürülýän iri maksatnamalar ykdysady kuwwatymyzy mundan beýläkde berkitmekden ybaratdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan kemal tapan, türkmen halkyna peşgeş beren “Garaşsyzlyk bagtymyz” atly kitabynda Garaşsyzlyk bagtymyz Garaşsyzlyk baýlygymyz diýip belläp geçýär. Baýlygymyza bagtymyza deňelýän garaşsyzlyk bu türkmen halkynyň bagtynyň daş ýarmasydyr. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň gursagynda garradan arzuwlary wysal boldy. Garaşsyzlyk sen biziň ilimize türkmen halkyna bagt getirdiň.
Bagtyýarlygyň gujagynda ýaýnaýan her bir raýatyň ýüregi Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşly sözlerden doly.

Berkarar döwletde Bagtyyar nesle
Sporta, saglyga, ylym – bilime
Gahryman Arkadag giň ýol açandyr
Çünki ýurtda döwlet adam üçindir.

Garaşsyzlyk bilen galkynýar halkym,
Bitaraplyk bilen bagt sary barýar.
Hakdan ýalkanansyň ýene-de ýalkan
Ýaşlar seniň bilen döredýär gurýar

Ähli üstünlikleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.

SÖÝENJOWA Ýazgül,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň talyby.